Adyl Terjime

Adyl Terjime

Share

ADYL TERJIME Hususy Kärhanasy türkmen, rus, iňlis we türk dillerinde terjime ediljek; tehniki, tehniki bolmaýan terjime hyzmatlaryny ýokary derejede müşterä hödürleýar. Şeýle hem, türkmen, rus, iňlis we türk dilleri bilen baglanşykly dürli taslama dolandyryşy we terjime etme hyzmatlarymyz bar. Terjimeler; medisina, söwda, hukuk, umumy, tehniki we islendik başga ugurlarda bolup biler.

15/05/2016

RUHNAMA KİTABYNDAN ALNAN KABİR MANYLY SÖZLER..

1. Adam ömrüniñ iñ uly iki meselesini juwan çaglary çözmeli bolyar: birinjisi, ömrüniñ manysyny acyp biljek kär, ikinjisi, ömrüne şugla saçyp biljek söygüli yar.

2. Ejiz we güyçsüz bendeleri gaty ynjytmazlar.Sebäbi garynjalar agzybirlik bilen gaplañy yada arslany güyçden gacyryp bilerler.

3. Aydylyan sözler meñzeş bolsada, täsiri üytgeşik.Atylyan oklar meñzeş hem bolsa kåbirleri nyşana degyär.

4. Yat-yakyn yurtda apgyrdyñy basyp, agzyñy açyp yörseñ "Bendäniñ bolşy şeyle " diymezler, "Ay, ol millet şeyle diyerler".

5. Yollaryñ yagşysy hassa soramaga baryan yoldyr. Hassa soramaga baryan wagtyñ ömrüñ hasabyndan urulmayar.

6. Biri süyde siñe seredip gan göryär.Yene biri gana siñe seredip süyt göryär.

7. Dönük yasama söz. Özem türkmende yeke-täk manydaş sözi bolmadyk söz!

8. Pespällikden har bolan yekeje adamy görkezip bilseñiz, men size men-menlik zerarly heläk bolan million adam mysal getirip bereyin.

9. " Men adam, ähli zady men başarmaly, maña kömek etjek adam yok" diyip yören adamyñ işi köplenç, yol almayar.

10. Mirap ekini suwsuzam guradyp bilyär, suw bilenem.

11. Dünyäde päk yaşamak kyndyr! Dumly-duşa şugla salyp, çaryany yylysyny berip duran o:t hem degen zadyny garaldyar! Ägä boluñ, peyda etjek bolup zyyan edäymäñ!

by: alyoshka

13/05/2016

TÜRKMEN ELEKTRON KİTAPHANASY...

Ýene bir täze project Türkmen Elektron Kitaphanasy.

Project-i oýlap tapanlar Ýaşyl Ýaprak topary. Saýt-da diňe kitap däl, ylyma, bilime degişli türkmen dilinde wideo, audio sapaklar, taýýar düzmeler, referatlar, dokladlar, mugallymlaryň okuw planlary, okuwa synanyşýan abiturentler üçin her ýylky ýokary okuw jaýynda berilýän soraglar, mugallymlar üçin taýýar açyk sapaklar, inženerler / talyplar üçin taýýar çyzgylar hat-da kurs işlerine çenli ýerleşdirilmeli.

Faýllary almak / ýüklemek üçinem puan sistemasy oturdylan. (Her kitap 50 puan töwerek).

Saýta girip bilmeginiz üçün aşakdaky salgydan peydalanyn...

tmkitap.com

Herkime peýdasy deger diýen umyt bilen... alyoshka

06/04/2016
Photos from Adyl Terjime's post 02/04/2016

Useful Phrasal Verbs

02/04/2016

Türkmen beýik milletdir. SAPARMYRAT NYÝAZOW

Kiçi däldir, beýik milletdir türkmen,
Bäş yklymda hanlyk süren milletdir.
Darkaş gurup depesinde döwürleñ,
Gylyç gemrip, ýaşandyr ol minnetsiz.

Adyllygy bilen beýikdir ilim,
Asyllygy bilen beýikdir halkym.
Ejiziñ arkasy, güýçlä garawsyz,
Zamanlañ sarpasy, dine haraýdyr,
Ynsanperwerligi söýüpdir halkym.

Sadalygy bilen beýikdir türkmen,
Sahylygy bilen parhlanar türkmen,
Rysgallydyr bereketli güýzünden,
Gahry gelse gyşdyr, ýylgyrsa bahar.

Parasady bilen belentdir türkmen,
Bedewine ganat bitirendir ol.
Halysyny türkmen tuguna öwrüp,
Rowaýata çenli göterendir ol.

Batyrlygy bilen bellidir ilim,
Horasan peleñi, Turan şiridir.
Asyl nusgasydyr edermenligiñ,
Ärleriñ äridir, şirleriñ piridir.

Kiçi däldir, türkmen uly milletdir,
Bäş müñ ýyllap ýaşandyr ol minnetsiz.
Saparmyrat, türkmen begdir, gerçekdir,
Onuñ taryhyny öwrenmek üçin
Iñ azyndan, müñ är ömri gerekdir!

24/03/2016

ANDROİD-LAR ÜÇİN VPN PROGRAMMASY!

Bu mowzugyň açylmagynyň sebäbi meniň mowzuklarymdaky goýulýan programmalaryň ählisi diýen ýaly känbir uly ýer tutmaýar we telefonda ýükläp alyp bolaýjak dereje ýönekeýje, emma Yandex Disk-de goýulan zatlary alyp bolanok! Haçan-da mowzugy okap ondaky programmany goýlan linkden (salgylanmadan) ýükläp almakçy bolanyňyzda girmän dur munuň sebäbi indi 1 hepdä golaý wagt bäri Yandex-e anyk bolmadyk sebäplere görä girip bolmaýanly üçindir. Elmydama kiçijik we ulanmasy ýönekeýje bolan programmalar hakynda mowzuk açyp ol programmany hem Yandex Disk-de ýerleşdirýänligim üçin eger-de siz Android-da işleýän telefonlary ulanýan bolsaňyz şu aşakdaky VPN programmany ulanmak arkaly Yandex-de goýlan programmalary alyp bilersiňiz!

Programmany işletmek aňsat bolanlygy sebäpli ulanmaga has amatly hasaplaýan!


Programmany Google Disk-den ýüklemek üçin:

https://drive.google.com/file/d/0BwyIwtnxvheUMlZZXzU2M3hxdjg/view


by: alyoshka

AppVPN_2.13.apk

Want your establishment to be the top-listed Bar/pub in Mary?
Click here to claim your Sponsored Listing.

Telephone

Address


Mary